«Transfermarkt» portaly dünýäniň iň gymmat futbolçylaryň sanawyny hödürledi. Sanawyň başyny «Barselonanyň» transfer gymmaty 200 million ýewro hasaplanan ispaniýaly hüjümçisi Lamin Ýamal çekýär. Şondan soňky orunlarda bolsa 180 million ýewro baha kesilen Jud Bellingem, Erling Holand we Kalian Mbappe ýerleşdi. 5-nji orunda «Real Madridden» transfer bahasy 170 million ýewro hasaplanan Winisus Junior goýuldy. Sanawyň ilkinji 5-liginde «Real Madridden» 3 futbolçy bar. Hatda, 10-lugy jemleýän futbolçy hem Ispaniýanyň şa kluby «Real Madridden» bolup, ol Federiko Walwerde (130 million ýewro). «Barselonanyň» futbolçylaryndan 140 million baha kesilen Pedri 7-nji orunda, transfer nyrhy 90 million ýewro hasaplanan Rafinýa 24-nji basgançakda ornaşdy. Sanawyň ilkinji 20-liginde «Mançester Sitiden» 3 futbolçy bar.
# | Futbolçy | Ýaşy | Bahasy |
1. | Lamin Ýamal | 18 | |
2. | Jud Bellingem | 22 | |
3. | Erling Holand | 25 | |
4. | Kilian Mbappe | 26 | |
5. | Winisius Junior | 25 | |
6. | Bukaýo Saka | 23 | |
7. | Pedri | 22 | |
8. | Florian Wirts | 22 | |
9. | Jamal Musiala | 22 | |
10. | Federiko Walwerde | 27 |

