«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ähli derejeli sürüjileri işe çagyrýar

MilliInfo

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Kärhana häzirki wagtda dürli kysymly döwrebap ulaglarda işlemäge isleg bildirýän hünärmenler üçin täze iş orunlaryny hödürleýär.

Isleg bildirýän sürüjiler «Hyundai Aero City» we «Toyota Coaster» kysymly ýolagçy awtobuslaryny, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksileri hem-de «Kamaz» kysymly ýük awtoulaglaryny dolandyrmak boýunça degişli wezipelere ýerleşip bilerler. Bu çäre welaýatyň ilatyna edilýän ýol-ulag hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyz sebitde döwrebap ulag-logistika merkezine öwrülýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, halkara standartlara laýyk gelýän ýollaryň gurluşygy we ulag parkynyň täzelenmegi dowam edýär. «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň täze hünärmenleri işe çagyrmagy hem bu ugurdaky özgertmeleriň bir bölegi bolup durýar.

Işe girmek we goşmaça maglumat almak isleýän raýatlar üçin şu telefon belgileri hödürlenýär: +99363832676.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info