«Aşgabatýylylyk» tresti ýylylyk ulgamlarynyň gidrawlik synaglaryna başlaýar

MilliInfo

15 Awgust, 2026

«Aşgabatýylylyk» tresti ýylylyk ulgamlarynyň gidrawlik synaglaryna başlaýar

«Aşgabatýylylyk» tresti şäheriň ýylylyk üpjünçilik ulgamlarynda meýilleşdirilen gidrawlik synaglarynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň 22-nji awgustyndan başlap, paýtagtyň ýylylyk torlaryna suw goýberilip başlanar.

Bu işler öňümizdäki ýyladyş möwsümine meýilleşdirilen taýýarlygyň çäklerinde amala aşyrylyp, düzümiň berkligini we jebisligini (germetikligini) barlamaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň ýaşaýjylaryna öýlerindäki içerki ýylylyk enjamlarynyň ýagdaýyny öňünden barlamak maslahat berilýär. Suw syzmagy ýa-da başga bir näsazlyklar ýüze çykan ýagdaýynda bolsa raýatlar ýerli ýaşaýyş jaý dolandyryş edarasyna ýa-da trestiň awariýa gullugyna ýüz tutmalydyrlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info