Üç günlük uly kino: «Arkaç» kinoteatrynda rus filmleriniň festiwaly başlanýar

MilliInfo

2 sagat öň

27–29-njy martda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we «РОСКИНО» guramasynyň goldawy bilen Rus kinosynyň festiwaly geçiriler. Bu medeni çäre «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda guralar.

Festiwal her ýyl geçirilýän kino görkezişleriniň dowamy bolup, medeniýetara alyş-çalşygy ösdürmäge hem-de häzirki zaman rus kinosynyň gazananlaryny Türkmenistanda wagyz etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem festiwalyň meýdançasy ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli serişdesi bolup hyzmat edýär. Şu ýyl guramaçylar tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan täze filmlere aýratyn ähmiýet berdiler.

Kino festiwalynyň maksatnamasyna şu döwrebap filmler girizildi:

  • «Buratino» (2025 ý., rež. Igor Woloşin) — Alekseý Tolstoýyň meşhur ertekisi esasynda döredilen, maşgala üçin niýetlenen agaç oglanjyk baradaky film. Bu film festiwaly açar;

  • «Doktor Dinozawrow» («Доктор Динозавров») (2025 ý., rež. Maksim Wolkow) — mekdep okuwçysy Fil Dinozawrowyň durmuşy baradaky gyzykly animasion film;

  • «Gnomlaryň hazynasy» («Сокровища гномов») (2025 ý., rež. Aleksandr Babaýew, Wasiliý Rowenskiý) — başdangeçirmeli fantaziýa filmi. Onda Roma atly başarnykly, ýöne hilegär ýigit goja goňşusynyň wesýetnamasyna öz adyny ýazdyryp, garaşylmadyk ýagdaýda jaý bilen bilelikde diri gnomlary hem miras alýar;

  • «Patyşa gyzy – gurbaga» («Царевна-лягушка») (2025 ý., rež. Aleksandr Amirow) — meşhur erteki esasynda düşürilen reňkli maşgala filmi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info