Üçtaraplaýyn duşuşyk: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti hem-de Azerbaýjanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy

MilliInfo
Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi

5-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda goňşy ýurtlaryň arasynda ýola goýlan üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz umumy taryhy, medeniýeti bolan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmeginde umumylyklaryň ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny emele getirýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň medeniýetleriň we däp-dessurlaryň wagyz edilmeginde, degişli ugurlar boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetlidigini nygtady.

Bu ýerde doganlyk ýurtlaryň arasynda senagat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi. Tebigy serişdelere baý bolan ýurtlaryň ýangyç-energetika ugry boýunça gazanýan üstünlikleriniň we toplan tejribeleriniň degişli ugurlarda nusgalykdygy nygtaldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika ulgamy boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigine möhüm ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny özara bähbitli esasda peýdalanmagyň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Özbegistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň baý many-mazmuna eýe bolandygyny nygtap, bu çäräniň özi üçin taryhy ähmiýeti bolan pursatlara beslenendigini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Prezident Ilham Aliýewiň iberen salamyny we aýdan hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýratyn nygtady.

Gahryman Arkadagymyz mähirli sözler we hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda üç döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer, ekologiýa, ulag-logistika ýaly ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada aýdyldy.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy bellenildi. Şunda Azerbaýjan we Özbegistan Respublikalarynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen raýdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo