Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçen «Gothia Cup» kubogyny eýelediler

MilliInfo

21 Iyul, 2026

Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçen «Gothia Cup» kubogyny eýelediler

Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen abraýly «Gothia Cup» halkara ýaryşynda 7x7 görnüşindäki futbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň gazanan ýeňşi ýurdumyzyň sport ulgamyndaky nobatdaky uly üstünligine öwrüldi.

17 ýurtdan saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň gatnaşan bu iri ýaryşy deňhukuklylygyň, berk erkiň we ýokary sport ussatlygynyň aýdyň dabaralanmasy boldy. Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň (TÝOMM) howandarlygynda döredilen milli ýygyndymyz Ýewropa meýdançasynda ýokary taýýarlygyny we toparlaýyn oýnuny üstünlikli görkezdi.

Toparlaýyn tapgyrdan başlap, türkmen futbolçylary oýunda uly artykmaçlygy ele alyp, taktik taýdan tertip-düzgüni we ussatlygy bilen tapawutlandy. Milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Hindistanyň toparyny 6:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ikinji tapgyrda bolsa finlýandiýaly türgenlerden 7:0 hasabynda üstün çykyp, üstünlikli çykyşyny dowam etdirdi. Toparlaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda Estoniýanyň ýygyndysyny 7:3 hasabynda ýeňen türkmen topary toparçada birinji orny eýeläp, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Altyn medal ugrunda geçirilen çözgütli duşuşyk futbolçylardan ýokary ussatlygy, ruhubelentligi we bilelikde toparlaýyn hereketi talap etdi. Finalda ýene-de Estoniýanyň ýygyndysy bilen duşuşan türkmen futbolçylary bu gezek hem özleriniň artykmaçlygyny subut etdiler. Güýçli göreşde 4:3 hasabynda ýeňiş gazanan milli ýygyndymyz «Gothia Cup» kubogynyň eýesi bolup, altyn medala mynasyp boldy.

Ýurdumyzda saglyk mümkinçilikleri çäkli raýatlaryň durmuşda öz ornuny tapmagy, ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, jemgyýetçilik we halkara durmuşa işjeň gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli alada olaryň täze üstünliklere ruhlanmagyna, Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny dünýäniň iri sport meýdançalarynda belende galdyrmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info