«Turan» halkara festiwalynyň üç baýragy: türkmen kinosynyň ajaýyp üstünligi

MilliInfo

3 sagat öň

3-8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «Turan» halkara kinofestiwaly geçirildi. Ol Ege uniwersiteti tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kinematografiýa baş müdiriýetiniň goldawy bilen guraldy. Türki dünýäniň kino sungatyna bagyşlanan medeni forum Türkmenistanyň döredijilik üstünliklerini görkezmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Türkmen  filmleri festiwalyň baýraklarynyň birnäçesine eýe boldy. Emin agzalarynyň ýörite baýragy «Meniň oýnum» atly multiplikasion filmi üçin Röwşen Welmiýewe gowşuryldy. Çeper film derejesinde «Ýeňişli ädimler» filmi bilen Batyr Batyrow sylaglandy. Bu iş «Iň gowy doly metrajly film» diýlip yglan edildi. «Iň gowy gysga metrajly film» baýragyna bolsa «Mahir terbiýesi» filmi üçin režissýor Mekan Gurbanaliýew mynasyp boldy.

Türkmen ussatlarynyň Izmirde gazanan halkara üstünligi milli kino sungatyny ösdürmek we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeni abraýyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info