Daşkent şäherinde çeper gimnastika boýunça halkara ýaryş tamamlandy. «Jahan» döredijilik merkeziniň ýaş türgenleri bu ýaryşda ýokary ussatlyk we ýeňşe bolan erjellik görkezip, Türkmenistana abraýly wekilçilik etmegiň hötdesinden geldiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça gimnastikaçylarymyz 10 altyn we 4 kümüş medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki belent abraýyny ýene bir gezek dabaralandyrmagy başardylar
Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler:
1-nji orun (altyn medal):
Weronika Kurdupowa
Mähri Orazowa
Firdews Gunuslan
Aýnur Täçgulyýewa
Fatima Kambarowa
Aýlin Gunuslan
Lolita Awanesowa
Aýna Akýewa
Sofiýa Bens
Aýsel Tagiýewa
2-nji orun (kümüş medal):
Inara Hanowa
Sara Gülberdiýewa
Sofiýa Rejepowa
Ameliýa Bens
Bu üstünlik ýaş türgenleriň yhlasly zähmetiniň, tälimçiler düzüminiň ýokary hünär ussatlygynyň hem-de ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi üçin döredilen giň mümkinçilikleriň netijesidir.