«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi jemgyýetçilik meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky giň gerimli maksatnamasyny amala aşyryp başlaýar we ýurdumyzda täze nesil interaktiw tematiki foto zolagyny tanyşdyrýar. Bu täze art-desga diňe bir owadan surata düşülýän ýer däl-de, eýsem, döredijilik, aragatnaşyk we ýatdan çykmajak täsirler üçin döwrebap meýdança öwrüler.
Täze tematiki meýdança paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin özüne çekiji nokat hökmünde döredildi. Ol çagaly maşgalalar, ýaşlar, dostlar kompaniýalary, şeýle-de bu ýerde özboluşly suratlary düşürip, sosial ulgamlarda jemgyýete ýetirip biljek blogerlere we döredijilik adamlaryna niýetlenilýär.
Foto zolagyň açylmagy mynasybetli «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi her hepde iň meşhur suratlaryň bäsleşigini yglan edýär. Ýeňijiler sosial ulgamlardaky «laýk» belgileriniň sanyna görä üç ugurda kesgitlener:
Iň gowy ýekelikdäki surat ýa-da dostlar kompaniýasynyň suraty — «Vertera» kompaniýasyndan sowgat.
Çaganyň iň gowy suraty — taslamanyň hyzmatdaşlaryndan we hemaýatkärlerinden sowgatly guty.
Jübütleriň iň gowy suraty — hyzmatdaş gül dükanyndan kiçijik gül çemi we häzirki wagtda synag tertibinde işleýän «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň kinoteatryna islendik film üçin iki sany bilet.
Bäsleşige gatnaşmak üçin şertler:
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň täze tematiki foto zolagynda surata düşmeli;
suraty öz açyk Instagram hasabyňyzda ýerleşdirmeli;
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de bäsleşigiň hyzmatdaşlarynyň hasaplaryny bellemeli;
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň hem-de ähli hemaýatkärleriň resmi Instagram sahypalaryna agza bolmaly;
Bäsleşik hepdesiniň dowamynda iň köp «like» toplamak boýunça ýaryşmaly.
Guramaçylar bu bäsleşigiň söwda we dynç alyş merkeziniň täze konsepsiýasynyň hemişelik bölegine öwrüljekdigini, interaktiw foto zolagyň bolsa meýdançany döwrebaplaşdyrmagyň ilkinji tapgyrydygyny belleýärler. Geljekde bu ýere gelýänlere täze tematiki taslamalar, dabaralar we döwrebap dynç alyş zolaklary garaşýar. Munuň özi merkezi maşgala bolup dynç almak hem-de ostlar bilen duşuşmak üçin iň özüne çekiji ýerleriň birine öwrer.
Bäsleşigiň möhletleri, hyzmatdaşlaryň sanawy we goşmaça maglumatlar «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda ýerleşdiriler.
