Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Türkmen akyldary Magtymguly» hem-de «Geljegiň şäheri Arkadag» atly dokumental filmleriň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Çäre Türkiýe döwlet teleradiokompaniýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.
Türkiýäniň halkara «TRT Avaz» teleýaýlymy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan bu filmler ýurdumyzyň taryhy kökleri bilen häzirki zaman ösüşini birleşdirýär.
Magtymguly Pyragy baradaky film beýik türkmen şahyrynyň şahsyýeti arkaly türkmen halkynyň ruhy dünýäsini görkezýär. Arkadag şäheri baradaky film bolsa ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň mysalynda adamlaryň şäher bilen arasyndaky bolan jebisligini, taryhy mirasy bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň sazlaşygyny görkezýär.
Filmleriň ikisi hem «Ata Watan Türkmenistan» atly giň gerimli döredijilik taslamanyň bir bölegidir. Mundan öň bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan «Aşgabat merjen şäheri», şeýle hem «Beýik seljuklaryň yzlary bilen: Ýurdumyzyň gadymy mekany Merw», «Köneürgenç» ýaly dokumental filmler tomaşaçylara hödürlenildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň gutlag sözünde «TRT» bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirilip, geljekde dokumental filmleri we sanly platformalar üçin täze gepleşikleri bilelikde taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem ol ýaş türkmen žurnalistleriniň we operatorlaryň Türkiýede tejribe geçmeginiň hem-de «TRT-niň» hünärmenleriniň Türkmenistana boljak saparlarynyň möhümdigini aýtdy.
«TRT Avaz» teleýaýlymynyň şygary «Dilde, pikirde, işde bitewilik» bolup, bu ýörelge türki halklar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ýörelgä laýyklykda, «TRT Avaz» teleýaýlymy türki halklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny goramak hem-de ýaýratmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.