Nusgawy aýdym-sazy söýüjiler «Simfoniýanyň jadysy» atly konserte çagyrylýar

MilliInfo

14 Noýabr, 2026

Nusgawy aýdym-sazy söýüjiler «Simfoniýanyň jadysy» atly konserte çagyrylýar

Belent sungaty we janly orkestr ýerine ýetirijiligini söýüjilere täsirli medeni waka garaşýar: 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Simfoniýanyň jadysy» atly konsert geçiriler. Diňleýjilere unudylmajak duýgulary bagyş etjek we olary aýdym-saz sazlaşygynyň ajaýyp gurşawyna alyp gitjek aýdym-saz agşamy sagat 19:00-da başlanar.

Täze maksatnamany tomaşaçylara her bir çykyşy paýtagtyň medeni durmuşynda uly waka öwrülýän Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hödürlär. Dirižorlyk münberine toparyň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow geçer. Ussat ýerine ýetirijiligi bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan meşhur pianinoçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň çykyşy bolsa agşamyň aýratyn bezegine öwrüler.

Konsertiň maksatnamasynda çuň dramaturgiýasy we owaz öwüşginleriniň baýlygy bilen tapawutlanýan rus nusgawy aýdym-sazynyň ykrar edilen naýbaşy eserleri jemlendi:

  • D.Şostakowiç — Orkestr bilen fortepiano üçin 2-nji konsert, op. 102;

  • P.I.Çaýkowskiý — Re mažor 3-nji simfoniýasy, op. 29.

Bu aýdym-saz agşamy gündelik aladalardan saplanmak we sahnanyň öňdebaryjy ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde beýik kompozitorlaryň ebedi eserlerinden lezzet almak üçin ajaýyp pursat bolar.

Konsert barada giňişleýin maglumaty we petekler boýunça sowallaryň jogabyny şu telefon belgiler arkaly tapyp bilersiňiz:

72-45-12, 26-69-17.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info