Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky merkez guramaçylyk işleri boýunça kömekçi wezipesine boş iş ornuny yglan edýär

MilliInfo

15 Oktýabr, 2026

Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky merkez guramaçylyk işleri boýunça kömekçi wezipesine boş iş ornuny yglan edýär

Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky Koreý merkezi dolandyryş we bilim işlerine ýardam bermek maksady bilen, guramaçylyk işleri boýunça kömekçi wezipesine boş iş ornuny yglan edýär.

Işgäriň esasy borçlary:

  • Diňleýjileri (okuwçylary) hasaba almaga ýardam etmek;

  • Medeni çäreleri we synaglary guramak;

  • Dilden we ýazmaça terjimeleri ýerine ýetirmek;

  • Resminamalaryň dolanyşygyny ýöretmek we merkezde iş tertibini saklamak.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Koreý, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp hem ýazyp bilmek;

  • «Microsoft Office» maksatnamalaryndan ynamly baş çykarmak;

  • Aragatnaşyk gurmak ukyby (adamy tiz özüňe çekip bilmek) we ýokary jogapkärçilik.

Gerekli resminamalar:

Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler koreý ýa-da iňlis dilinde aşakdaky resminamalary taýýarlamalydyr:

1.     Rezýume (CV), terjimehal ýa-da motiwasion hat (soňky 6 aýyň içinde düşülen 4 × 5 sm ölçegli fotosuraty bilen);

2.     Pasportyň nusgasy;

3.     Iş ýerinden güwänama we koreý dilini bilýändigi baradaky şahadatnama (eger bar bolsa).

Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:

Resminamalar elektron poçta arkaly kabul edilýär. Haty bir wagtyň özünde iki salgä hem: korembtm@mofa.go.kr we ashgabat.kinsejong.manager@gmail.com poçtalaryna 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabry (ýekşenbe) sagat 24:00-a çenli ugratmaly.

Has giňişleýin maglumaty şu ýerden taparsyňyz!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info