ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi türkmen talyplary üçin media sowatlylygy we emeli intellekt boýunça treningleri geçirdi

MilliInfo

10 sagat öň

 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan media we maglumat sowatlylygy boýunça okuw sapaklary tamamlandy. 18 — 20-nji noýabr aralygynda geçirilen çäre ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň žurnalistika boýunça bilim alýan talyplaryny bir ýere jemledi. Şeýlelikde, gatnaşyjylar media sowatlylygyny, tankydy pikirlenmäni we emeli intellekti çuňňur öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilige eýe boldular.

Okuw sapaklarynyň maksatnamasyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan 50 töweregi talyp gatnaşdy.

Esasy temalar we interaktiw format

Täsirli maksatnama diňe maglumatlary dogry ulanmagy däl, eýsem, olaryň çeşmelerini seljermegiň, galp habarlary anyklamagyň we neýrosetlaryň iş algoritmlerine düşünmegiň mümkinçiliklerini özleşdirmegi hem öz içinä alýar. Bu ýerde gatnaşyjylar onlaýn tertibindäki interaktiw tapşyryklary hem-de synaglary ýerine ýetirdiler.

Toparlaýyn gönükmelerden we wideomateriallardan peýdalanylmagy talyplara alan bilimlerini amaly görnüşde berkitmäge mümkinçilik berdi. Gatnaşyjylaryň işjeň gatnaşygy bolsa olaryň şu ugurlara gyzyklanmasynyň uludygyny görkezdi.

Treningler ÝHHG-niň sertifikatlaryna eýelik edýän hünärmenler tarapyndan geçirildi: Daýanç Konarow (žurnalist, media-bilermen), Oguloraz Eýeberdiýewa (Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we tejribesi kafedrasynyň uly mugallymy), Mähri Gaýypowa (Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy) we Baýramdiýar Artykow (Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby).

Sapaklara onlaýn tertibinde gatnaşan gazagystanly media-bilermen Adil Jalilow türkmen talyplarynyň taýýarlyk derejesine ýokary baha berip, saýlanan temalaryň milli žurnalistikanyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady.

Okuw sapaklary şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bilen jemlendi. Iň işjeň gatnaşyjylar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlara eýe boldular.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo