Merkezi Aziýa — Beýik Britaniýa: ministrler derejesindäki özara gatnaşyklaryň täze formaty Londonda maslahatlaşyldy

MilliInfo

25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar.

Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki iş naharynyň başynda «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatynda geçiriljek ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Türkmen tarapy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik Britaniýa özboluşly medeni we diplomatik mirasa eýe bolan döwlet hökmünde uly hormat bilen garaýandygyny belledi. Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanda iňlis dilini we britan medeniýetini öwrenmäge bolan ýokary gyzyklanmanyň bardygy, şeýle hem bilim we akademiki alşygyň, şol sanda «Chevening» maksatnamalarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Medeni dialogyň işjeňleşdirilmegine mysal hökmünde Aşgabat şäherinde Şotlandiýa tans agşamy «Ceilidh» çäresiniň geçirilmegi, Türkmenistanyň paýtagtynda Uilýam Şekspiriň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle hem «BBC» tarapyndan Köpetdag alajagaplaňlary barada dokumental filmiň ýaýlyma berilmegi görkezildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info