«Ýaşlar we sanly transformasiýa: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly okuw maslahatlarynyň çäklerinde BMGÖM-iň (BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň) hünärmenleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almak we sanly saglygy goraýyş ulgamyndaky innowasiýalary ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Aşgabatdaky binasynda talyplar bilen duşuşdylar.
ÝDK boýunça hünärmen semizligiň, süýji keseliniň we ýürek-damar keselleriniň öňüni almagyň ýollaryny düşündirdi. Ol deňagramly iýmitlenmegiň, yzygiderli fiziki işjeňligiň we saglygyň esasy görkezijilerine gözegçilik etmegiň ähmiýetini nygtady. Talyplar işjeňligi saklamak üçin hökman agyr türgenleşikleriň gerek däldigini, hatda neýrogimnastika ýaly ýönekeý maşklaryň hem bedendäki dartylmalary aýyrmaga, stresi peseltmäge we umumy fiziki hem-de ruhy ýagdaýy gowulandyrmaga ýardam edýändigini öwrendiler.
Sanly saglygy goraýyş boýunça hünärmen häzirki zaman lukmançylygynyň diňe bir lukmanlardan we derman hatlaryndan (reseptlerden) ybarat däldigini belledi. Telelukmançylyk, hassalar üçin mobil goşundylar, maglumatlar binýady we hassahanalary dolandyrmagyň akylly ulgamlary eýýäm bütin dünýäde ornaşdyrylýar we özüniň ýokary netijeliligini subut edýär.
Talyplar Türkmenistanda elýeterli bolan sanly çözgütleri hem öwrendiler: bulara lukmanlar üçin zerur dermanlaryň sanawy bolan goşundy (BMGÖM bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň hyzmatdaşlygynda), derman gerdejikleri üçin «akylly» gutular, bejerginiň wideogözegçiligi we emeli aň esasynda işleýän, öýken inçekeseliniň ähtimallygyny bary-ýogy iki minudyň içinde 97% takyklyk bilen anyklamaga ukyply bolan örän kämil göçme rentgen enjamy degişlidir. Bu gurallaryň kömegi bilen anyklaýyş we bejergi işleri has çalt, has takyk we elýeterli bolýar.
***
2026-njy ýyl üçin BMGÖM bilen Bilim ministrliginiň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda «Ýaşlar we sanly transformasiýa: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly çäreler tapgyry meýilleşdirildi.
Bu saparlar ýaşlara sanly tehnologiýalar barada öwrenmäge we Durnukly ösüş maksatlary baradaky bilimlerini berkitmäge mümkinçilik berýär. Olar BMGÖM-niň ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olary innowasiýalaryň hem-de durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde goldamaga we ýurduň sanly geljegini kemala getirmek üçin zerur gurallar bilen üpjün etmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär.