Sanly özgertmeler we emeli intellekt: türkmen hünärmenleri halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

MilliInfo

Stambulda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda (LLDC) emeli intellekti ulanmak we sanly özgertmeler baradaky üç günlük halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) gatnaşmagynda guraldy. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň wekilleri hem bar.

Okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklaryň gezekli-gezegine geçilmegi esasynda düzüldi. Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar garyşyk toparlara birleşip, emeli intellekt (EI) gurallarynyň kömegi bilen öz ýurtlarynyň döwlet we sanly ulgamdaky wajyp meseleleri boýunça täzeçil çözgütleri işläp düzdüler.

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň häzirki ýagdaýyny, Awaza Hereketler maksatnamasyny, şeýle hem döwlet dolandyryşyny sanly özgertmegiň bäş sany esasy ugruny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn sapaklar sanly jemgyýetçilik düzümine, maglumatlary dolandyrmaga we sanly özygtyýarlylyk meselelerine bagyşlandy.

Çäräniň amaly bölegi döwlet pudagynda emeli intellekti ulanmaga gönükdirildi. Toparlar emeli intellektiň deslapky nusgalaryny döretdiler, emeli intellekt ulgamynda ynsan hukuklarynyň goralmagy meselelerine seretdiler we öz çözgütlerini tanyşdyrmak üçin strategik resminamalary taýýarladylar.

Okuw maslahatynyň soňky gününde gatnaşyjylar öz taslamalaryny hödürlediler, geljekki ädimleri maslahatlaşdylar we okuwy tamamlandyklary barada şahadatnamalary aldylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info