Poçta aragatnaşygynyň sanly ösüşleri: «Türkmenpoçta» dünýäniň iň iri söwda platformalaryna çykýar

MilliInfo

Türkmenistanda ählumumy sanly ykdysadyýete geçmäge gönükdirilen netijeli işler aragatnaşyk we logistika ulgamynyň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar.

Şeýlelikde, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň «IPS» (International Postal System) halkara sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda aýdyldy.

«IPS» ulgamyny ornaşdyrmagyň esasy artykmaçlyklary aşakdakylardan ybaratdyr:

  • Ulgam halkara ugratmalary hakyky wagt tertibinde yzarlamaga we Bütindünýä poçta birleşigine agza bolan ähli ýurtlar bilen logistik zynjyrlary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

  • Elektron söwdanyň dünýädäki iň iri platformalaryna göni çatylmak «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasyna ählumumy gatnaşyjylar üçin doly derejeli logistik hyzmatdaş bolmaga mümkinçilik berer.

  • Poçta amallarynyň optimallaşdyrylmagy we sanly resminama dolanşygynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagy eltip bermek hyzmatynyň tizligini we ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrar.

  • Halkara platformalary bilen täze derejedäki göni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň raýatlary üçin serhetüsti satyn almalar (söwdalary) amala aşyrylanda has elýeterli we ýokary hilli hyzmatlary üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info