Gümrük ulgamynyň sanly özgerişi: türkmen hünärmenleri Niderlandlarda tejribe geçdiler

MilliInfo
Gümrük ulgamynyň sanly özgerişi: türkmen hünärmenleri Niderlandlarda tejribe geçdiler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdylar. Bu sapar Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge ýardam bermek / Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Saparyň baş maksady gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak derejesi boýunça Ýewropa Bileleşiginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän Niderlandlaryň gümrük gullugynyň sanly ülňülerini we innowasion usullaryny öwrenmekden ybarat boldy.

Baý mazmuny bilen tapawutlanan maksatnamanyň dowamynda türkmen hünärmenleri birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdiler we ýurduň esasy düzümleýin desgalary bilen tanyşdylar. Wekiliýet Delft tehniki uniwersitetiniň uly göwrümli maglumatlary (Big Data) işlemek we howpsuz söwda ugurlaryny kemala getirmek babatdaky ylmy işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň wekilleri Niderlandlaryň gümrük gullugynyň Merkezi diwanynda hem-de Rotterdam portunda töwekgelçilikleri seljermegiň döwrebap ulgamlaryny, şeýle hem ýokary tehnologiýaly barlag we skanirleýji enjamlaryň işini jikme-jik öwrendiler.

Sapara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi emeli aňa esaslanýan IT-çözgütlerine gönükdirildi. Niderlandlardan bolan hünärmenler harytlary Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy (DYI HN) boýunça awtomatiki toparlara bölmek ulgamlarynyň işini, resminama dolanyşygyny awtomatlaşdyrmak usullaryny we gümrük resmileşdirilişini çaltlandyrmak algoritmlerini amaly ýagdaýda görkezdiler.

Gazanylan bilimler we öňdebaryjy tejribeler Türkmenistanyň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmakda, ýurduň üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de halkara söwdadaky amallary ýönekeýleşdirmekde işjeň ulanylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info