Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly innowasiýalaryň ösüşi we olaryň ykdysady ösüşdäki orny bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem hususy pudagyň we halkara bilermenler jemgyýetiniň wekilleri hökmünde «Meta», «Oracle», «Honeywell Technologies», «Wabtec», «McKinsey», «EPAM», «Plug and Play» we «Alchemist Accelerator» ýaly kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleri gatnaşyp, öz tejribelerini we häzirki zaman tehnologik çözgütlerini hödürlediler.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar öňdebaryjy tehnologiýalaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we emeli aňy ösdürmek boýunça esasy ugurlar hem-de ileri tutulýan wezipeler, şeýle-de bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Çärä Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý.Gülmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän başlangyçlar hem gazanylan netijeler barada maglumat berdi, şeýle-de bu ugurda geljekki ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.
Maslahatyň çäklerinde sanly innowasiýalary we emeli aňy ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça gün tertibine girizilen temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy dowam etdirildi.
