AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde «Arkadag» hem-de «Al-Nassr» toparlarynyň paýtagtymyzda geçiriljek duşuşygyna gelýän janköýerler üçin stadiona giriş tertibi barada maglumat berildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyga gatnaşmak üçin petekleri kagyz ýüzüne geçirip, çap etmek zerurlygy ýok. Janköýerler elektron petegi islendik ykjam enjamyna, şol sanda ykjam telefonyna ýükläp alyp bilýärler. Giriş barlagyndan has çalt geçmek üçin stadiona golaýlaşanyňyzda petegi öňünden açyp goýmak maslahat berilýär.
Barlag wagtynda telefon ekranyndaky QR kody ulaldyp görkezmek ýeterlikdir. Petek barlanyp geçilenden soň, meýletinçiler janköýerlere degişli ugur boýunça ýol görkezip, öz orunlaryny tapmaga kömek ederler.
Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri janköýerler üçin stadiona bökdençsiz we amatly girişi üpjün edip, halkara derejeli sport duşuşygynyň ruhubelentligini doly duýmaga şert döredýär.