S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça geçiriljek V Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiada ýokary okuw mekdeplerde okaýan ugruna we okuw ýylyna (kursuna) garamazdan, ähli isleg bildirýän talyplar gatnaşyp bilerler. Şeýlelikde, olimpiada 27-nji noýabrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylara populýasion ekologiýa we biosfera; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik gözegçilik (monitoring); ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalary ýaly mowzuk ugurlary boýunça ýumuşlar hödürlener.
Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara 90 minut wagt berler. Olimpiadanyň iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak uniwersitetiň resmi web saýtyndaky «Halkara olimpiadalar» bölüminde 24-nji noýabra çenli açyk bolar. Bu ýerde çäre baradaky goşmaça maglumatlar bilen hem tanyşmak mümkindir.
Olimpiada zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga, talyplaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, olaryň ylma we ylmy-barlaglara bolan gyzyklanmasyny höweslendirmäge, ýaşlaryň arasynda ekologik sowatlylygy ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
