Tufan Minnulliniň «Hüwdi» atly pýesasy türkmen teatrynda sahnalaşdyryldy

MilliInfo

18 Awgust, 2026

turkmenmetbugat.gov.tm
Tufan Minnulliniň «Hüwdi» atly pýesasy türkmen teatrynda sahnalaşdyryldy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary tatar dramaturgy Tufan Minnulliniň «Hüwdi» atly pýesasy esasynda täze oýny sahnalaşdyrdy. «Türkmenistan» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, Suraý Rahmanowanyň goýan bu oýny örän özüne çekiji, tolgundyryjy häsiýetde bolmak bilen, onda diňe zenanlar çykyş edýärler.

Esasy wakalar hem çaga dogrulýan öýde bolup geçýär. Sahna oýnunda durmuşdaky gapma-garşylyklaryň, çagalara terbiýe bermekde goýberilýän hatalaryň soňy ahmyra öwrülip, ykbalyňa we çagalaryň geljegine edýän ýaramaz täsiri ýaly wajyp meseleler artistleriň döredijilik ussatlygy bilen tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär.

Spektaklda nesil terbiýesiniň özeni bolan enäniň çaga bolan bimöçber mähri, hüwdiniň jadylaýjy owazy, maşgalada döreýän käbir dartgynly ýagdaýlar beýan edilýär. Ogulbossan Ýazjumaýewa, Aýgözel Sahatowa, Bagsere Rawşanowa ýaly halypa artistleriň ussatlyk bilen janlandyran keşpleri biygtyýar özüne çekip, kalbyňa inçelik bilen aralaşýar. Tomaşaçylara ýakyn günlerde hödürlenjek bu spektakl durmuş hakykatyny açyp görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info