Türk ertirligi: däp-dessurlar bilen tagamyň sazlaşygy

MilliInfo

19 Oktýabr, 2025

Günüñ iň esasy iýmiti bolan ertirlik nahary Türkiýäniň gastronomiýa medeniyetinde möhüm ähmiýete eýedir.

Adatça, ertirlige dürli tagamlar hödür edilýär: peýniriň birnäçe görnüşi, zeýtun, öýde bişirilen çörek önümleri, ter pomidor we hyýar, et önümleri, dürli görnüşde bişirilen ýumurtga, ýaňyja bişen çörek, möwsümleýin miwelerden taýýarlanan mürepbeler, ary bal we gaýmak. Gysgaça aýdanyňda, ertirlik üçin saýlamana zat gaty kän. Elbetde, türk ertirligini hoşboý ysly gara çaýsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl: türkleriň özi ertirlikden soň köplenç gara çaý içýärler.

Türk ertirliginiň dowamynda hödürlenýän önümleriň we tagamlaryň sany sanardan köpdür we olar dürli-dürlüdir. Şonuň üçin türk milletiniň bu tagamly däbi indi ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenildi. Mundan başga-da, türk ertirligi görnükli bilermenler tarapyndan dünýäniň iň gowy 50 ertirliginiň biri hökmünde ykrar edildi.

Günüň iň wajyp we esasy nahary

Türkler ertirlik naharyna «kahvaltı» diýýärler. Bu adalga «kahve» (kofe) we «altı» (öň/aşagy) sözlerinden emele gelen we ol «kofeden öň» diýen manyny berýär: adalga, adatça, kofe içmezden hödür edilýän nahary aňladýar. Şeýle-de bolsa, türk ertirligi öran möhümdir: ol ertiriň iň esasy pursatyna öwrülýär, sebäbi adamlary birnäçe sagatlap dok saklaýar.

Türkiýäniň sebitleri geografiki taýdan birmeňzeş däldir, şonuň üçin olaryň her birindäki ertirlik düýbünden tapawutlanýar. Bu aýrytynlyklaryň sebäbi öz-özünden düşnüklidir: ertirlik naharlary her sebit üçin adaty önümlerden we özboluşly usullar boýunça taýýarlanylýar.

Mysal üçin, Gündogar Türkiýede ertirlik köplenç säherde başlanýar. Ýerli garbanyşhanalar şol wagt açylýar we ir turanlary doýurjak we ep-esli güýç berjek naharlary hödürleýärler. Onuň tersine, Egeý deňziniň golaýyndaky sebit ter gök önümlerinden, möwsümleýin otlardan, tagamly zeýtundan we «Bergama tulum» peýnirinden taýýarlanan ýeňil ertirlikleri bilen tanalýar. Sebitler boýunça ertirlik naharlarynyň tapawutlanýandygyna garamazdan, käbir önümler türk ertirliginde ähli ýerlerde duş gelýär.

Peýnir we zeýtun – türk ertirliginiň aýrylmaz bölegidir

Onda hödürlenýän peýnirler, öz gezeginde, sebit boýunça birmeňzeş däldir. Mysal üçin, «Ezine» peýnir, Konýada taýýarlanylan gök heňli peýnir, Karsda bolsa gowy ýetişen «Eski Kaşar» peýnir meşhur, Wanda – ot goşulan peýnir.

Elbetde, peýnirden başga-da türk ertirliginde hökmany önüm – zeýtun. Türkiýe zeýtun we zeýtun ýagyny öndürýän dünýä ýurtlaryň öňdäki bäşligine girýär, Egeý deňziniň sebiti bolsa zeýtun baglaryndan emele gelen tokaýlyklary bilen bellidir. Köplenç zeýtun ýagy, ýerli otlar we beýleki goşundylar bilen garylyp taýýarlanan gara we ýaşyl zeýtunlar, elbetde, her türk maşgalasyndaky ertirlige üýtgeşiklik berýär.

Türk ertirlikleri ýurtda ter gök önümleriň we miweleriň boldygyny görkezýär. Peýniriň we zeýtunyň ýany bilen goýulýan möwsümleýin gök önümlere, esasan hem, tomus bişen pomidorlara we kitirdewük hyýarlara, ter otlara zeýtun ýagy bilen bir çümmük duz goşýarlar. Tomus möwsüminde gawun we garpyz köplenç duzly tagamlara süýjilik berýän ýakymly goşundy bolýar.

Türk ertirligini ýumurtgasyz göz öňüne getirip bolmaýar

Ýumurtga dürli görnüşde bişirilýär – gowrulan, çala we gabyksyz gaýnadylan (paşot) ýumurtga, heýgenek. Ýumurtgadan taýýarlanylýan iň meşhur tagamlar, elbetde, – menemen (gowrulan, burç we pomidor goşulan ýumurtga).

Şeýle hem sujukly ýumurtga (ýiti türk şöhlaty); ýaňy-ýakynda internet torunda meşhur bolan çilbir (sarymsakly gatygyň üstüne goýulyp berilýän gabyksyz gaýnadylan ýumurtga).

 Siziň pikiriňizçe şular bilen tamamlanýarmy? Ýok, heniz däl!

Türk ertirliginiň ýene bir aýrylmaz bölegi – çörek önümleri. Elbetde, tamdyrdan ýaňy çykan kibirdäp duran çörek her saçakda bolýar, emma ertirlikde ondan başga simit (üstüne künji sepilen halka görnüşli çörek onümi), poaça (peýnirden başlap ýeralma çenli içi doldurylan çörek onümi), pişi (ýagda gowrulan hamyr) we gözleme (ter otlar, peýnir, üwelen et ýa-da ýeralma bilen içi doldurylan çörek onümi) hödürlenýär.

Türk ertirliklerini süýjüliksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Ertirlikden soňra iň gowy süýjülik tagam, elbetde, öri meýdanlarda ýetişdirilen mallaryň süýdünden taýýarlanan gaýmakdyr hem-de ary balydyr.

Ondan başga näme datmak bolar? Köplenç öýde möwsümleýin miwelerden taýýarlanan türk mürepbeleri we marmeladlar. Elbetde, bularyň ýany bilen yzly-yzyna kiçiräk çigildem şekilli aýna gapda gara çaý içilýär. Bu üýtgeşik tagamlary dadyp görüň, olardan lezzet alyň we günüňizi hoş geçiriň!

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo