Russiýa daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagyny dowam edýär. Ýanwar — iýun aýlarynda bu ýurda syýahatçylyk maksatlary bilen 629 müň adam geldi — bellenen görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,6% köpdür. Bu maglumatlar «TASS» tarapyndan hödürlenilýär.
Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylan saparlaryň sany boýunça absolýut lider Hytaý bolup, bu ýurtdan bellenen wagt aralygynda 317,8 müň syýahatçy geldi. Ikinji orny 30,8 müň syýahatçysy Russiýada bolan Türkiýe Respublikasy eýeleýär. Öňdäki üçlügi Türkmenistan jemleýär — 26,6 müň syýahatçy.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda raýatlary Russiýa Federasiýasynda iň köp bolup gören ilkinji on ýurt:
4. Germaniýa — 26,4 müň.
5. Saud Arabystany — 21,5 müň.
6. Birleşen Arap Emirlikleri — 16,9 müň.
7. Hindistan — 14,7 müň.
8. Eýran — 10,9 müň.
9. Gazagystan — 10 müň.
10. Kuba — 8,5 müň.