2026-njy ýylyň birinji alty aýynda Malaýziýa Türkmenistandan 4 469 syýahatçy bardy. Umuman alanyňda, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň akymy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,3% artyp, 53 347 adama ýetdi.
Türkmenistanlylaryň we sebitdäki beýleki ýaşaýjylaryň arasynda bu ugruň meşhurlygynyň artmagyna medeni meňzeşlikler hem-de Malaýziýanyň «halal-syýahatçylyk» pudagyndaky berk orny — ösen halal infrastrukturanyň bardygy, tagamlaryň giň görnüşi we metjitleriň elýeterliligi ýardam edýär. Uçar aragatnaşygyň giňelmegi we «Visit Malaysia 2026-2027» atly giň gerimli halkara maksatnamasynyň amala aşyrylmagy goşmaça itergi bolup hyzmat edýär.
«Tourism Malaysia Almaty» edarasynyň direktory Nor Şazli Azminiň belleýşi ýaly, bu sebit barha uly depgin bilen ösýän bazar bolup durýar. Ýurt syýahatçylaryň bir gezelenjiň dowamynda şäher we deňiz kenaryndaky dynç alşy, medeni we gastronomiýa maksatnamalaryny, şeýle-de maşgala güýmenjelerini birleşdirip bilmek mümkinçiligi bilen özüne çekýär.
