Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi zähmet bazarynda ökde hünärmen bolmak üçin ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zerur bolan buhgalter, ykdysadçy, ekolog, iýmit tehnolog ugurlary boýunça bilim almak isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edýär.
Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek Aşgabat şäherinde 18-nji awgusta çenli dowam eder.
Mundan başga-da, bu bilim ojagy syýahatçylyk we myhmanhana hyzmatlarynyň täze hem gyzykly dünýäsi bilen tanyşmaga çagyrýar!
Okuwyň möhleti — 2 ýyl.
Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Mämmet Gurbanow köçesi (2105/5), 33.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05.