Ilki Mourinýu, soň Sulşer: Türk klublary ýewropaly tälimçiler bilen hoşlaşdylar

MilliInfo

1 Sentýabr, 2025

«Fenerbahçe» klubunyň ýolbaşçylarynyň şeýle netijesi toparyň pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň «Benfikasyndan» utulyp, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmezligi bilen baglanyşykly.

Mourinýu wezipeden şertnamasynyň möhleti dolmanka boşadylandygy üçin 15 million ýewro möçberinde öwez tölegini alar. Bu öwez tölegi Morinýunyň karýerasynda şeýle ýagdaýlaryň ilkinjisi däl. Portugaliýaly hünärmen ilkinji gezek 2007-nji ýylda «Çelsiden» boşadylanda 20,9 million, 2013-nji ýylda «Real Madridden» gidende 19,7 million ýewro aldy, soňra ýene-de «Çelsä» dolandy we 9,6 million ýewro öwez tölegi bilen işden boşadyldy. Iň uly öwez tölegini bolsa 2018-nji ýylda «Mançester Ýunaýtedden» 22 million ýewro möçberde aldy. Mundan başga-da, 2021-nji ýylda «Tottenhemden» gitmezinden öň 17,4 million ýewro alandygy habar berilýär.

Şeýlelikde, Mourinýunyň tälimçilik karýerasynda dürli sebäplere görä alan umumy öwez tölegleriniň möçberi 108 million ýewrodan geçdi.

62 ýaşly Mourinýu «Fenerbahçe» toparyna 2024-nji ýylyň iýunyndan bäri ýolbaşçylyk etdi. Dünýä belli baş tälimçi karýerasynyň dowamynda «Portu», «Inter», «Çelsi», «Real», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem» we «Roma» ýaly güýçli toparlara tälimçilik etdi. Onuň gazanan üstünlikleriniň arasynda Çempionlar ligasyndaky iki ýeňiş («Portu» we «Inter» bilen), UEFA-nyň Kubogyndaky («Portu» bilen) we Konferensiýalar ligasyndaky ýeňişler («Roma» bilen), Portugaliýada, Italiýada, Ispaniýada hem-de Angliýada eýe bolan birnäçe milli titullary, şeýle-de Angliýanyň Kubogyndaky we Superkubogyndaky ýeňişler bar.

«Fenerbahçeden» soň «Beşiktaş» topary hem baş tälimçisini işden boşatdy

Klubda bu karara gelinmeginiň sebäbi toparyň Konferensiýa ligasynyň saýlama tapgyrynda Şweýsariýanyň «Lozany» bilen bolan duşuşyklarda ýeňiş gazanyp bilmezligi (1:1, 0:1) boldy. Şeýlelikde, «Beşiktaş» şu güýzde Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşmaz.

52 ýaşly Ule Gunnar Sulşer «Beşiktaşa» 2025-nji ýylyň ýanwarynda tälimçi hökmünde bellenipdi. Sulşeriň ýolbaşçylygynda topar geçen möwsümde Türkiýäniň çempionatynda dördünji orny eýeledi we milli kubogyň çärýek finalyna çykdy. Sulşer 2018 — 2021-nji ýyllar aralygynda Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynyň baş tälimçisi boldy, onuň bilen 2020/21 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy.

Onuň tälimçilik karýerasynda «Molde», «Kardiff Siti» we «Mançester Ýunaýted» ýaly klublar hem bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo