«Turkish Airlines» Aşgabatdan Ýerewana arzanladyşly petekleriň satuwyna başlady

MilliInfo

23 Ýanwar, 2026

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy Stambul şäheriniň üsti bilen Aşgabat — Ýerewan ugry boýunça awiapetekleriň satuwynyň başlanandygyny yglan etdi. Bu barada «Orient.tm» habar berdi.

Uçuşlar her gün Aşgabat — Stambul — Ýerewan — Stambul — Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýar.

Petekleriň satuwy şu ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder, syýahat möhleti hökmünde bolsa 2026-njy ýylyň 11-nji martyndan 11-nji awgustyna çenli uzaýan döwür bellenildi.

Barjak nokadyňyzda bolmagyň iň ýokary möhleti üç aýa çenlidir.

Awiakompaniýa çagalar üçin hem ýörite arzanladyşlary hödürleýär:

  • 2 ýaşdan 11 ýaşar aralygyndaky çagalar üçin — 25% arzanladyş;

  • 2 ýaşa çenli çagalar üçin — 90% arzanladyş.

Gatnawlar, nyrhlar we petekleri bron etmegiň şertleri barada goşmaça maglumatlary «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan alyp bilersiňiz.

Satuw bölüminiň salgysy: G. Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Iş wagty: Duşenbe – anna günleri: sagat 09:00-dan 17:00-a çenli.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info