Ýolagçylaryň ýakyn hyzmatdaşyna öwrülen «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Täze ýyl baýramy mynasybetli arzanladyş yglan etdi. Şunlukda, awiakompaniýanyň müşderileri «Miles&Smiles» milleri boýunça ykdysady synpdaky premial petekleri 30% arzanladyş bilen satyn almak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu mümkinçiligiň 12—22-nji dekabr aralygynda petek satyn alanlaryň 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwaryndan 15-nji maýyna çenli uçuşlary üçin niýetlenendigini ýatladýarys. Muňa garamazdan, arzanladyşyň 20-nji martdan 13-nji aprele çenli bolan seneleri öz içine almaýandygy habar berildi.
Şeýle mümkinçiligiň awiakompaniýanyň uçuşlarynyň giň halkara ugurlary boýunça umumy synpdaky promo‑premial peteklerine degişlidigini hem bellemek gerek.
Arzanladyşy «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň resmi saýtynyň ýa-da ykjam goşundysynyň üsti bilen «MILES30» promo‑kody görkezmek arkaly resmileşdirmeli.
