«Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul ugry boýunça uçuşlaryň tertibini täzeledi: indi hepdede 17 gatnaw amala aşyrylar

MilliInfo

2 sagat öň

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy şu ýylyň 29-njy martyndan Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 17-ä çenli artdyrýar.

Uçuş tertibiniň giňeldilmegi ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga we ýolagçylara uçuş wagtyny saýlamakda has amatly (çeýe) mümkinçilikleri hödürlemäge ýardam eder.

Täzelenen tertibe laýyklykda, her günki gatnawlar aşakdaky tertipde amala aşyrylar:

  • Stambuldan uçuş sagat 20:15-de, Aşgabada gelmek sagat 01:55-de;

  • Aşgabatdan yzyna ugramak sagat 03:15-de, Stambula gelmek 05:30-da;

  • Stambuldan goşmaça her günki gatnaw sagat 01:10-da, Aşgabada gelmek 06:50-de;

  • Aşgabatdan ugramak sagat 08:10-da, Stambula gelmek 10:25-de.

Mundan başga-da, hepdäniň aýry-aýry günlerinde (sişenbe, anna we ýekşenbe) goşmaça gatnawlar göz öňünde tutulan:

  • Stambuldan ugramak sagat 14:15-de, Aşgabada gelmek 19:50-de;

  • Aşgabatdan yzyna ugramak sagat 21:10-da, Stambula gelmek 23:25-de.

Täze uçuş tertibi 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryna çenli hereket eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info