«Liwerpul» futbol kluby 2027/2028-nji ýyllar möwsüminden başlap, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň klubyň esasy hyzmatdaşy we baş hemaýatkäri boljakdygyny yglan etdi.
Hyzmatdaşlyk 2027-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlar. Awiakompaniýanyň logotipi erkekler we zenanlar toparlarynyň, şeýle hem akademiýanyň okuwçylarynyň sport lybaslarynyň öň tarapynda ýerleşdiriler. Bäş ýyllyk möhlete niýetlenen bu ylalaşyk kluba, takmynan, 348 million ýewro girdeji getirer. Her möwsümdäki girdeji 60 million ýewrodan hem köp bolar.
«Turkish Airlines» 2010-njy ýyldan bäri mersisaýdlylaryň esasy hyzmatdaşy bolup gelýän «Standard Chartered» bankynyň ornuny tutar. Bank bu derejesini şu möwsümiň ahyryna çenli saklar.
Häzirki çempionatyň üç tapgyryndan soň, «Liwerpul» bäş utuk toplap, Angliýanyň Premýer-ligasynyň sanawynda altynjy orunda barýar.
