«Mosaic Visa» indi Türkiýä wiza aljaklaryň resminamalaryny täze ofisinde kabul eder

MilliInfo

2 sagat öň

Şu günden — 4-nji maýdan başlap watandaşlarymyzyň Türkiýä wiza arzalaryny kabul ediji operator bolan «Mosaic Visa» wiza merkezi işini täze ofisinde — paýtagtymyzyň 2127-nji köçesiniň, has takygy Garry Kulyýew köçesiniň 88-nji jaýynda, ýagny «Nowruz haly» binasynda dowam etdirer. Bu barada kompaniýanyň resmi Instagram sahypasynda habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, «Mosaic Visa» kompaniýasy şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operatoryň wezipesini ýerine ýetirýär. Şunlukda, ildeşlerimiz resminamalaryny ofise gelip ýa-da onlaýn portal arkaly tabşyryp bilerler. Bu ýerde syýahatçylyk, iş, talyp, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşler boýunça wizalary resmileşdirip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin aşakda bellenen telefon belgileri hödürlenilýär:

75 41 02 (03) (04) (05) (06).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info