Türk tehnologiki toparynyň gaznasy (Turkish Technology Team Foundation) her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen Ozdemir Baýraktar adyndaky tehnologiki talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini yglan edýär.
Bu başlangyç Türkiýede okaýan 5 müň talyby we okuwçyny goldamak maksady bilen guralýar. Ol okuwçylaryň — orta klaslardan başlap magistratura çenli bolan tapgyrlarda bilim alýanlaryň uly toplumyny özünde jemleýär.
Gazna 2026-njy ýylda ýokary tehnologiýalar pudagynda ýaşlaryň ösüşi ugruna Türkiýäniň ygrarlylygyny tassyklamak çygrynda derejeleriň altysy boýunça talyp haklaryny hödürlär.
• T3 AI gözlegçileriniň bakalawriaty: Iň ýokary talyp haky alty aýlap her aý 7000 türk lirasyna barabar bolup, bu mümkinçilik 30 adama niýetlenendir.
• Tälimçiler-türgenleşdirijiler: 1100 talyp üçin 6000 türk lirasyna barabar bolan talyp haky.
• «Sen — geljekki»: 10 aýyň dowamynda 600 talyp üçin niýetlenen 6000 türk lirasyna barabar bolan talyp haky.
• «Dogup gelýän ýyldyz»: 50 talyp üçin niýetlenen 6000 türk lirasyna barabar bolan talyp haky.
• Etniki kommunikasiýa: 10 aýlap 20 talyp üçin niýetlenen 6000 türk lirasyna barabar bolan talyp haky.
• Bilimi goldamak: Iň köpçülikleýin talyp haky bolsa 3200 talya niýetlenilýär. Ol 4000 türk lirasyna barabar.
Ýüz tutmalar 20-nji oktýabra çenli kabul edilýär.
Arzalary ýollamak üçin çeşme: https://mth.tc/Burs2026
Maksatnamanyň bölekleri bilen tanyşmak üçin gözükdiriji: https://bursiyer.t3vakfi.org/
