«Mosaic Visa» — Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operatoryň üýtgändigi habar berildi. Indi bu wezipäni «Mosaic Visa» kompaniýasy ýerine ýetirer. Bu habar kompaniýanyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Şunlukda, raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly hem-de wiza merkezine ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler. Muňa garamazdan, raýatlaryň ozal «Gateway International» arkaly tabşyran arzalarynyň hem öz güýjünde galýandygyny ýatladýarys. Munuň özi arzalara bellenen tertipde serediljekdigini aňladýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler.

«Mosaic Visa» ýakyn günlerde Türkmenistanyň wiza merkezi hökmünde Aşgabat şäherinde hereket edip başlar. Ol Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2127-nji köçesiniň (G.Kuliýew) 71-nji jaýynda ýerleşer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info