Türkiýeden soň Russiýa: Žoze Morinýunyň indiki ugry haýsy şäher bolar?

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda Portugaliýanyň «Benfikasyndan» utulandygy sebäpli Žoze Mourinýunyň «Fenerbahçedäki» 15 aýlyk karýerasyna türk klubunyň ýolbaşçylary tarapyndan nokat goýuldy. «Fenerbahçe» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylan portugaliýaly hünärmeniň nobatdaky ugry Russiýa tarap.

Käbir maglumatlara görä, Russiýanyň birnäçe klubundan teklip alan tejribeli tälimçi hem bu ýurtda zähmet çekmäge çynlakaý we uly gyzyklanma bilen garaýandygyny belledi. Ol geljekki işlejek toparlaryndan azyndan iki ýyllyk şertnama bilen bilelikde, tehniki wekiliýeti bilen her ýyl üçin 20 million ýewro hak talap etjekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda russiýaly hünärmenler Žoze Morinýunyň talabyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Ýakyn günlerde Morinýunyň indiki kluby has takyk belli bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info