Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli surat çekmek bäsleşigi we sergi guraldy

MilliInfo

15 Oktýabr, 2025

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda surat çekmek boýunça «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi we «Waspy dünýäni jadylan türkmen alabaýy» atly sergi Türkmen alabaýynyň baýramyna mynasyp sowgat boldy. Welaýatyň medeniýet we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen serginiň açylyş dabarasy täsirliligi bilen tapawutlandy. 

Bu ýerde ýurdumyzda ata-babalarymyzyň  asyrlaryň dowamynda döreden milli mirasy, türkmen alabaýlary, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen ýurdumyzda itşynaslyk sungatynyň kämilleşdirilişi, türkmen alabaýlarynyň ajaýyp sypatlary  baradaky çuňňur mazmunly çykyşlar ünsli diňlenildi. Soňra bu ýere ýygnananlar türkmen alabaýlaryna bagyşlanan sergini synladylar. Türkmen alabaý itleriniň aýratynlygyny görkezýän merdemsi keşbini, eýesine wepalylyk sypatlaryny açýan surat we grafika eserleri dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. 

Soňra eminler topary sergide ýerleşdirilen suratlar boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlediler. Netijede, welaýat  ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň 4-nji we 2-nji ýyl talyplary Adylhan Şeripow «Sähra alabaýa dogduk depedir» hem-de Jennet Kuwatgeldiýewa «Alabaý» atly eserleri bilen birinji, şol bölümiň 2-nji we 4-nji ýyl talyplary Aýna Rejepowa «Alabaý» atly işi bilen hem-de Aýjemal Şerbaýewa «Alabaý — Amyderýanyň ýaraşygy» diýen eseri bilen ikinji, bölümiň  4-nji we 2-nji ýyl talyplary Bägül Bazarowa «Wepadarlyk nusgasy» hem-de Gözel Hojaniýazowa «Wepaly alabaýym» atly işleri bilen degişlilikde üçünji orna, şeýle hem ýadygärlik sowgatlaryna hem-de Hormat hatlaryna  mynasyp boldular.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info