Türkmen alymlary Altaýa guralýan taryhy-etnografik ekspedisiýa gatnaşarlar

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmen alymlary Altaýa guralýan taryhy-etnografik ekspedisiýa gatnaşarlar

10-18-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň (Алтайский край) Altaý döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan taryhy-etnografik ekspedisiýa türkmen alymlary hem gatnaşar. Bu ekspedisiýa Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaý» ylym we bilim taslamasy esasynda amala aşyrylýar.

Nobatdaky ekspedisiýa Russiýanyň alymlary bilen birlikde, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň alymlary gatnaşýar. Ekspedisiýanyň dowamynda Altaý ülkesindäki we Altaý Respublikasyndaky türki halklaryň ýaşaýan obalaryna barmak, olaryň gadymy däp-dessurlaryny, milli senetlerini, halyçylyk sungatyny we keçe taýýarlamak ýaly senetleri, halklaryň milli egin-eşiklerini, ýaşaýşyny öwrenmek maksat edinilýar.

Türkmenistandan bu ekspedisiýa Ylymlar akademiýasynyň doktoranty, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýna Baýmuradowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew gatnaşýar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info