Batyr Çaryýew türki dünýäniň teatr sungatyna goşan goşandy üçin abraýly baýraga eýe boldy

MilliInfo

15 sagat öň

Stambul şäherinde Türki dünýäniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we «Anadolu» gazetiniň guramagynda türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy üçin sungat ussatlarynyny sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada gurama agza ýurtlardan saýlanan sungat işgärlerine öz ugurlaryndaky üstünlikli işleri üçin baýraklar gowşuryldy.

Şunlukda, ýurdumyzdan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy aktýor» ugry boýunça abraýly baýraga eýe boldy. TÜRKSOÝ-yň baş sekratarynyň kömekçisi Seýit Ýusuf oňa ýörite ýadygärlik nyşany gowşurdy.

Bu ýerde çykyş eden Batyr Çaryýew Watanymyzda döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň türkmen sungatyny ajaýyp üstünliklere ýetirendigini belläp, ata Watanymyz barada şygyr okady. Artistiň çeperçiligiň ýokary derejesinde okan şygry dabara gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info