Türkmen aty Günorta Amerikany baglaýar: Ahalteke bedewi Urugwaýda geçirilen «Expo Prado 2025» halkara sergisiniň ýeňijisi boldy

MilliInfo

7 sagat öň

Ahalteke tohumynyň Günorta Amerikada saklanan wekili Urugwaýda geçirilen «Expo Prado 2025» halkara sergisinde ýeňiji boldy.

Bäsleşigiň emini Fernando Perdigon atlaryň süňk gurluşynyň berkligini we tohum ülňülerine laýykdygyny bellemek bilen, alty ýaşly türkmen bedewine diýseň ýokary baha berdi.

Bedewiň eýesi Gustawo Dos Santos abraýly sergä gatnaşmagy öňden meýilleşdirendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, «Ahalteke» tohumy diňe Urugwaýda däl, eýsem, tutuş Günorta Amerikada seýrekdir.

Bedewiň eýesi bu atlaryň bökmek endiklerini tiz özleşdirýändigini nygtady. Ol baş öwretmek we üç görnüşli ýaryşlarda zerur bolan sport derslerini öwretmek işleri barada hem aýdyp geçdi. Gustawo Dos Santos ahalteke bedewlerini atçylyk sporty üçin amatly, emelleri aňsatlyk bilen öwrenýän atlar hökmünde suratlandyrdy.

Şunlukda, özboluşly ahalteke bedewi Grand çempion diýen ada eýe boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo