Bakuwda türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi

MilliInfo
Bakuwda türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi

Şu gün Bakuwda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Zagulba» köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen- azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň arasynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary işjeňleşdirmegiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işini ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem teklipleri beýan etdi.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra, wideoaragatnaşyk arkaly «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaradan soň ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info