Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

12 Ýanwar, 2026

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň hem-de wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Diplomatlar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Taraplar Gündogar senenamasy boýunça şu ýylyň at ýylydygyny we Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýändigini nygtap, atçylyk sungaty we atly sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info