15 — 22-nji sentýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen badminton boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin çempionaty türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Şeýlelikde, türkmen ussatlary ýurdumyzyň taryhynda sportuň şu görnüşinden ilkinji gezek hormat münberine çykmagy başardylar. Ýedi döwlete (Türkmenistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Mongoliýa, Gazagystan) wekilçilik eden türgenleriň 97-sini özünde jemlän halkara ýaryşdaky bäsleşikler ýaş derejeleriniň üçüsi boýunça (U15, U17, U23) geçirildi. Abraýly ýaryşda oglanlaryň arasynda Mergenguly Nurmyradow, Billal Saryýew, Annaberdi Orazdurdyýew, Döwran Hojaberdiýew, Ybraýym Babaýew, Şamuhammet Şaberdiýew, gyzlaryň arasynda bolsa Akjemal Kakanowa, Gülşen Amanowa, Elnara Ataýewa, Bahar Jumaniýazowa, Ewelina Ýefremowa, Anastasiýa Kulikowa dagy ýurdumyzyň adyndan çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň tejribeli tälimçileriniň ýolbaşçylygynda geçirilen türgenleşikler halkara ýaryşda türgenlerimiziň ýokary netije gazanmagyna ýardam etdi. Ilkinji üstünligi 15 ýaşa çenli türgenleriň arasynda çykyş eden Anastasiýa Kulikowa bilen Ewelina Ýefremowa gazandylar. Jübütlikde çykyş etmekde 1/8 finalda Gyrgyz Respublikasyna wekilçilik eden türgenlerden üstün çykan ildeşlerimiz çärýek finalda Täjigistanyň ýygyndy toparyny ýeňlişe sezewar etdiler. Ýarym finalda bolsa bu ýaryşyň çempiony bolmagy başaran Eýranyň ýygyndy toparynyň wekillerinden ýeňildiler. Şeýlelikde, türgenlerimiz ýurdumyzyň taryhynda badminton boýunça halkara ýaryşdaky ilkinji medaly — bürünç medaly gazanmagy başardylar.
23 ýaşa çenli türgenleriň gatnaşmagynda garyşyk jübütlikde (oglan we gyz) geçirilen bäsleşikde bolsa Billal Saryýew bilen Gülşen Amanowa bürünç medala mynasyp boldular. Türgenlerimiz ilki Gyrgyz Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykmagy başardylar. Ýarym finalda Gazagystanyň ýygyndy toparyndan ýeňlendiklerine garamazdan, ýaryşyň şertine laýyklykda bürünç medala mynasyp boldular.
Halkara ýaryşyň dowam edýän günlerinde Aziýanyň Badminton federasiýasy zenanlaryň gatnaşmagynda gender deňligi barada okuw maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzdan tälimçileriň ikisi gatnaşyp, tejribe toplamaga gowy mümkinçilik aldylar. Badminton federasiýasynyň hünärmeni Ýana Sarkisýanyň Merkezi Aziýanyň sebitleýin çempionatyna emin hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

