Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «THE Sustainability Impact Ratings 2026» global reýtingine girdi

MilliInfo

7 sagat öň

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «THE Sustainability Impact Ratings 2026» global reýtingine girdi

Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty abraýly «Times Higher Education (THE) Sustainability Impact Rankings 2026» global reýtingine resmi taýdan girdi.

Bu abraýly halkara sanawyna girmek we «Sustainability Impact Rated» resmi derejesini almak diňe bu ýokary okuw mekdebiň üstünlikleriniň ykrar edilmesi däldir. Ol institutyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli aralaşýandygynyň we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmäge hakyky goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.

Institut durnukly hil ösüşini görkezip, global sanawdaky ornuny barha pugtalandyrýar. Bu ýokary okuw mekdebiň «Arassa suw we sanitariýa» (DÖM 6) derejesinde iň ýokary netijäni görkezmegi institutyň inženerçilik we ylmy işleriniň ähmiýetini görkezýär.

Ýokary hünärmen bahalary bolan «Hilli bilim» (DÖM 4) we «Gowy saglyk we abadançylyk» (DÖM 3) ugurlary boýunça netijeler bolsa onuň saýlap alan bilim standartynyň dogrudygyny tassyklaýar.

Taryhy üstünligiň gazanylandygy hakyndaky habaryň ýene bir ägirt uly wakanyň — ýokary okuw mekdebiň täze döwrebap okuw binalar toplumynyň dabaraly açylmagynyň öňüsyrasynda gelip gowuşmagy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň ähmiýetini görkezýär. Täze toplumyň giň auditoriýalary, öňdebaryjy barlaghanalary we döwrebap ussahanalary ýaşlary ylmy açyşlara we hünär taýdan möhüm netijelere giň mümkinçilikleri açar.

Institutyň abraýly reýtinge girmegi institutyň diplomynyň halkara derejesinde barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we bu ýerde bilimleriň dünýä meýillerine kybap gelýändiginiň görkezijisidir. Professor-mugallymlar düzümi üçin bolsa gündelik asylly zähmetiň, ylmy-barlaglaryň we halkara hyzmatdaşlygynyň (şol sanda «Erasmus+» maksatnamalarynyň we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikdäki taslamalaryň) ykrar edilmesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info