Paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda döredilýän täze ylym-bilim şäherjigi — gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döwrebap binalar toplumy ak meremere bürenen Aşgabady has-da gözelleşdirer. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde (27.02.2026 ý) habar berildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumy özüniň ululygy we häzirki zaman tehnologik üpjünçiligi bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp talyplar hem-de professor-mugallymlar şäherjigidir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň binagärlik keşbi, üýtgeşik binýady we 15 gatdan ybarat esasy binasynyň asmana sary boý alýan belentligi görenleri haýrana goýýar. Binanyň daşky bezeginde gurluşykçy-binagärleriň işindäki iň esasy gurallar bolan sirkulyň (pergaryň) keşbiniň çeperçilik bilen ýerleşdirilmegi bolsa bu toplumyň hakyky hünärmenleriň we döredijilikli gurluşykçylaryň mekanydygyny aýan edýär.
Toplumyň düzümine girýän 4 sany döwrebap okuw binasy, 1 müň orunlyk kaşaň mejlisler zaly, iň soňky ylmy neşirler bilen üpjün ediljek kitaphana, sergi merkezi we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumy bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerdäki her bir diwar, bezeg nagşy milli binagärlik ýörelgelerimiz bilen iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň gaýtalanmajak sazlaşygyny görkezýär. Taslamada türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy we döredijilik ruhy bilen innowasion çözgütler, ýokary tizlikli sanly ulgamlar we «akylly» binalaryň aýratynlyklary utgaşdyrylandyr.
Bu ägirt uly taslamanyň iň buýsançly tarapy täze binalar toplumynyň şekil taslamasynyň hut Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tejribeli mugallymlarynyň hem-de zehinli talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanmagydyr.
Täze binalar toplumynyň gurluşygynda innowasion tehnologiýalara, serişde tygşytlaýjy ulgamlara, sanlylaşdyrma aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleriniň köp bölegi tamamlanyp, hil görkezijilerine berk gözegçilik edilýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumynyň dabaraly açylyşy ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň şähergurluşyk senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar.