Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýanyň hem-de Türkiýäniň ÝOM-larynyň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

MilliInfo

10 Oktýabr, 2025

Şu gün — 10-njy oktýabrda türkmenistanyň Söwda-senagat edrasynyň binasynda «Saglygy goraýyş, bilim, sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Ähmiýetli forumyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem şu gün onlaýn görnüşinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Ankara Sosial bilimler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabaralary geçirildi.

Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda uly orna eýedir. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýeti bilen tapawutlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo