Türkmen emini AFK-nyň Kubogynyň saýlama duşuşyklaryna adalatly eminlik edýär

MilliInfo

24 Noýabr, 2025

Şu günler 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geljek ýyl geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylyp, şolaryň birnäçesine eminlik etmegiň türkmenistanly hünärmenlere ynanylmagy türkmen futbolunyň wekilleriniň bu ugurdaky mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahadyr.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapynda geçirilýän oýunlara türkmen eminleri Resul Mämmedow hem-de Ahmet Begnazarow eminlik edýär. Ildeşlerimiz saýlama tapgyryň «D» toparçasynyň duşuşyklaryna emin hökmünde gatnaşýarlar. Bu toparçanyň duşuşyklary Hindistanyň Ahmetabat şäherinde geçirilýär. Hindistanyň, Palestinanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Liwanyň hem-de Eýranyň ýygyndylaryny jemleýän toparçanyň oýunlary 22-nji noýabrda başlandy. Şol gün ýer eýeleri bolan Hindistan bilen Palestinanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga FIFA-nyň halkara derejeli emini Resul Mämmedow baş eminlik edip, ol oýunda ýüze çykýan ýagdaýlaryň ählisini öz wagtynda hem adalatly çözmegiň hötdesinden geldi. Ýaşlygyna garamazdan, tejribeli eminleriň hatarynda tanalýan Resul ozal hem ähmiýetli duşuşyklaryň birnäçesine emin hökmünde gatnaşypdy. Onuň şu ýyl hem jogapkärli oýunlaryň ençemesine eminlik edendigini bellemelidiris.  

Öňde türkmen eminine Aziýanyň Kubogy – 2026-nyň (U17) saýlama tapgyrynyň möhüm duşuşyklaryň ýene birnäçesi garaşýar. Biz ildeşimize bu oýunlarda hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info