Türkmenistanly eminleriň ikisi 2026-njy ýylda Saud Arabystanyda geçiriljek ýaşlar toparlarynyň arasyndaky Aziýa çempionatynyň (U23) saýlama tapgyrynyň «C» toparçasynyň çäginde boljak oýunlarda eminlik etmäge mümkinçilik aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.
FIFA derejeli emin Resul Mämmedow esasy, Ahmet Begnazarow bolsa kömekçi emin hökmünde öňde boljak möhüm duşuşyklara Türkmenistandan wekilçilik ederler. Bu toparçanyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 3—9-njy sentýabry aralygynda geçiriler.
Wiýetnamyň Wiet Tri şäherinde geçiriljek AFK-nyň 23 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasyndaky saýlama tapgyrynyň «C» toparçasynyň futbol duşuşyklaryna türkmenistanly hünärmenlerden başga-da, Indoneziýa, Koreýa Respublikasyna, Kuweýte, Ýaponiýa, Omana, Hytaýa we Eýrana wekilçilik edýän eminler gatnaşarlar.