Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde geçirilen «Asean U-17» halkara ýaryşynyň iň möhüm wakasy — final duşuşygy türkmen eminine ynanyldy. 24-nji aprelde geçirilen dartgynly oýun bu ugurda eminlik mekdebiniň halkara derejesindäki tejribesiny berilýän ýokary bahanyň beýany boldy.
Malaýziýa bilen Wýetnamyň ýetginjekler ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda ildeşimiz Resul Mämmedow ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirdi. Bu duuşuşyk Wýetnamyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen jemlendi.
Ýaryşyň ahyrynda guramaçylar tarapyndan geçirilen sylaglamak çäresinde bolsa görkezen nusgalyk işi we final oýnundaky ýokary jogapkärçiligi üçin türkmen eminlerine ýörite ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu sylaglar halkara futbol jemgyýetçiliginiň türkmen hünärmenleriniň tejribesine goýýan uly hormatynyň nyşanyna öwrüldi.
Ildeşlerimiz Resul Mämmedowyň we Mergen Allaberdiýewiň Indoneziýada geçen ýaryşyň duşuşyklaryna üstünlikli eminlik etmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň halkara gatnaşyklaryndaky netijeli işiniň täze sahypasyny açdy. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň eminleri bilen bilelikde şeýle jogapkärli oýunlarda Türkmenistana wekilçilik etmek, milli futbolumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmagyna uly itergi berýär.