Türkmen eminleri futbol boýunça Aziýa çempionaty U-17-niň duşuşyklaryna eminlik ederler

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistandan halkara halkara derejeli emin Resul Mämmedow hem-de halkara derejeli kömekçi emin Mergen Allaberdiýew 11—24-nji aprel aralygynda ýaşy 17-ä çenli bolan ýaşlaryň arasynda geçiriljek futbol boýunça Aziýa çempionatynyň duşuşyklaryna eminlik eder. Türkmen hünärmenleriniň şeýle abraýly ýaryşlara emin hökmünde gatnaşmak üçin çakylyk almagy türkmenistanly eminleriň mümkinçiliklerine, tejribesine Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň görkezijisidir.

Tejribeli hünärmen Resul Mämmedow çempionatyň «A», «B» hem-de «C» toparçalarynyň jogapkärli duşuşyklaryna baş emin hökmünde gatnaşsa, Mergen Allaberdiýew kömekçi emin hökmünde çykyş eder.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň «A» toparçasynda Indoneziýanyň, Wýetnamyň, Malaýziýanyň we Gündogar Timoryň, «B» toparçada bolsa Tailandyň, Laosyň, Mýanmanyň hem-de Filippinleriň ýygyndy toparlary çykyş edýärler. «C» toparçany bolsa Awstraliýanyň, Kambojanyň, Singapuryň we Bruneýiň ýygyndy toparlary düzýär.

Biz ildeşlerimize Aziýa çempionaty U17-niň möhüm duşuşyklaryna eminlik etmekde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info