«Turkmen Expo» Polşada geçiriljek halkara dokma sergisiniň — «FAST TEXTILE 2026-nyň» resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň milli pawilýonynyň işini guraýar. 2026-njy ýylyň noýabrynda geçiriljek «FAST TEXTILE» sergisinde türkmen öndürijileri önümleriniň giň görnüşini daşary ýurtly hyzmatdaşlara hödürlärler we işewür duşuşyklary geçirerler.
«FAST TEXTILE 2026» sergisi 17–19-njy noýabrda Žguwda ýerleşýän «Ptak Expo Łódź» sergi toplumynda geçiriler. Sergi dokma önümlerini öndürijileri we üpjün edijileri, tikinçilik kärhanalaryny, dizaýnerleri, brendleri, lomaý alyjylary, distribýutorlary we bazaryň beýleki hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Çäräniň gerimini öňki sergileriň görkezijileri hem aýdyň görkezýär: dünýäniň 40 ýurdundan 14 600-den gowrak hünärmen, 30-dan gowrak döwletden 450–600 töweregi gatnaşyjy kompaniýa we takmynan 20 müň inedördül metr sergi meýdany. Gatnaşyjylaryň ep-esli bölegini biznes eýeleri, baýerler we pudak hünärmenleri düzýär.
Serginiň hünärmen gatnaşyjylarynyň we hyzmatdaşlarynyň hatarynda Polşa Dokmaçylar birleşigi, Ýewropa Dokma birleşmeleriniň assosiasiýasy we Polşanyň hem-de halkara derejesindäki beýleki pudaklaýyn birleşmeleri bar. Serginiň hemişelik we gatnaşjakdygyny mälim eden eksponentleriniň arasynda «Klopman», «Getex», «La Linea», «Grupa Wendre», «Zelal Tekstil», «Belet», «Textiltex», «Majmasz» we «Rudholm Group» ýaly iri kompaniýalar bar.
Türkmenistanyň milli pawilýony ýurduň dokma pudagynyň kompaniýalaryny, döwlet kärhanalaryny, fabriklerini we önümçilik toplumlaryny bir ýere jemlär. Gatnaşyjylar daşary ýurtly hünärmenlerden ybarat tomaşaçylara Türkmenistanyň dokma pudagynda öndürilýän önümleri, şol sanda dokma materiallaryny, taýýar önümleri, trikotaž önümlerini, ýüplükleri, egin-eşikleri we beýleki harytlary hödürlärler.
«Turkmen Expo» diňe bir «FAST TEXTILE 2026» sergisinde Türkmenistanyň wekilhanasy hökmünde çykyş etmän, eýsem, Türkmenistanyň dokma pudagynyň öňdebaryjy wekillerini bitewi ekspozisiýanyň çäginde birleşdirip, milli pawilýonyň işini hem guraýar.
Serginiň çäginde kompaniýalar B2B duşuşyklaryny geçirip, import edijiler, distribýutorlar, söwda kompaniýalary we halkara brendler bilen göni aragatnaşyk gurup, öz önümlerini hödürläp bilerler. Şeýle hem olar önümleriň geljekde üpjün edilmeginiň mümkinçiliklerini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
